TEHNOLOGIÝA

Ilon Mask sürüjisiz taksisini tanyşdyrdy

Dünýäniň iň baý işewüri, “Tesla” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask özüniň 2 orunlyk “Cybercab” sürüjisiz taksisini hem-de “Robovan” kysymly sürüjisiz mikroawtobusyny tanyşdyrdy. Sürüjisiz taksiniň köpçülikleýin önümçiligine 2026-njy ýylda başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada Ilon Mask Los-Anjelesde “Warner Bros” Goliwud syudiýasynda geçirilen çärede habar berdi.

“Cybercab” sürüjisiz taksiniň dolandyryjy ruly hem-de pedaly ýok, gapylary hem ýokary ugra aylýar. Onuň bahasy azyndan 30 müň dollara deň bolar. Eýýäm şeýle taksileriň 50-si öndürildi.

Dünýäniň iň baý işewüri şeýle ulaglaryň ýolagçylar üçin amatly boljakdygyny, kiçijik we rahat ýerde oturyp, belli wagtdan soňra barmaly ýeriňe baryp boljakdygyny belledi.

“Robovan” kysymly sürüjisiz mikroawtobus 20 adama niýetlenendir, şeýle hem onda ýük daşamak mümkinçiligi hem bolar.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi