JEMGYÝET

Türkmenistan-Mongoliýa: howa gatnawlary hakynda ylalaşyga gol çekildi

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhiň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda gol çekilen resminamalar:

– Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawlary hakynda Ylalaşyk;

– Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşyk;

– Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Mongoliýanyň Azyk, oba hojalyk we ýeňil senagaty ministrliginiň arasynda weterinariýa we maldarçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;

– Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Mongoliýanyň Azyk, oba hojalyk we ýeňil senagaty ministrliginiň arasynda azyk we oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;

– Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Mongoliýanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we ýaşlar ministrliginiň arasynda medeniýet hyzmatdaşlygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

– Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Mongoliýanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we ýaşlar ministrliginiň arasynda syýahatçylyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

– Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Mongoliýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda döwletara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Related posts

Ankara şäherinde Türkmenistana bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Ju Jitsu 1. Asya Şampiyonasında Türkmen Sporcular 33 madalya kazandı

vepa

Parlament saýlawlary geçirilen hasap edildi