SPORT

Erling Holand dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy

Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň norwegiýaly hüjümçisi Erling Holandyň transfer bahasy 180-den 200 million ýewro çenli ýokarlandy.

“Transfermarkt” portalynyň habaryna görä, dünýäniň öňdebaryjy futbolçylarynyň transfer bahalaryna täzeden seredildi.

Mundan ozal, 24 ýaşyndaky Holand “Real Madrid” toparynyň üç futbolçysy – iňlis Jude Bellingem, brazil Winisius Junior we fransuz Kilian Mbappe bilen bilelikde birinji orny eýeleýärdi.

Şeýle-de bolsa, reýtingiň täzelenen sanawynda Norwegiýanyň futbolçysynyň transfer bahasy ýokarlandy we ony dünýäniň iň gymmat oýunçysy etdi.

Related posts

Soňky netije…

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

Mbappe “Real Madridde” ýaly