DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Kamboja ähtnama gol çekdi

BMG Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilen 79-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kamboja Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Sok Çenda Sofeanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Kamboja Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara gurluşlaryň, hususan-da BMG, Goşulmazlyk Hereketi (NAM) we beýleki guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Taraplar iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler. Şeýlelik bilen duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Kamboja Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler barada özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky işewürlik we söwda hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, söwda gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin işewür toparlary we söwda pudagynyň wekilleriniň saparyny guramak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler şeýle hem Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň birleşigi (ASEAN) bilen bilelikdäki çäreleriň guralyşyny we hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Hindistana döwlet sapary bilen bardy

Ýaponiýa-Merkezi Aziýa sammiti dekabrda Tokioda geçiriler

Türkmenistanyň we Somaliniň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

Wladimir Putin Hindistanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Kuweýt Döwletiniň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy