DÜNÝÄ

Sahiba Gafarowa täzeden Azerbaýjanyň Mejlisiniň başlyklyygyna saýlandy

Mälim bolşy ýaly, golaýda Azerbaýjan Respublikasynda parlament saýlawlary geçirildi. Şonuň netijesinde, parlamentiň täze düzümi emele geldi. Parlamentiň täze düzüminiň, ýagny Azerbaýjanyň Mejlisiniň 7-nji çagyryşynyň deputatlarynyň birinji mejlisinde guramaçylyk meselelerine garaldy.

Şol mejlisde Azerbaýjanyň Mejlisiniň 6-njy çagyryşynyň Başlygy Sahiba Gafarowa täzeden bu wezipä dalaşgärligi hödürlendi. Şol ses berlişikde Sahiba Gafarowa täzeden Azerbaýjanyň Mejlisiniň başlygy wezipesine saýlandy.

Sahiba Gafarowa Azerbaýjanyň ýurdy dolandyrýan partiýays bolan “Eni Azerbaýjan” partiýasyndan deputatlyga saýlanyp, Mejlisiň başlygy wezipesine hödürlendi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa ozalky ygtyýarlyk döwründe, ýagny 2022-nji ýylda Türkmenistanda saparda bolupdy. Şonda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Aly gyzy Gafarowa Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanypdy.

Related posts

Metbugat konfrensiýasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gazagystanyň Prezidentine ahalteke bedewi sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Eýranyň kooperatiwler, zähmet we durmuş abadançylygy ministriniň Aşgabada sapary