MEDENIÝET

Muhammet pygamberiň doglan güni mynasybetli jebislik çäresi geçirildi

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda yslam ymmatynyň pygamberi Muhammet pygamberiň (s.a.w) doglan güni mynasybetli jebislik we agzybirlik çäresi geçirildi. Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Medeniýet merkezi tarapyndan bilelikde guralan bu çärä Eýran we türkmen tarapyndan birnäçe dini wekiller, ýurdumyzda akkreditirlenen ilçihanalaryň işgärleri, žurnalistler, medeniýet merkeziniň pars dilini öwrenijileri we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.
Dabaraly çäräniň başynda keramatly Gurhandan süreler okaldy. Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbahani hemmeleri bu baýramçylyk bilen gutlap, agzybirlik we jebislik hepdesine ünsi çekip, şeýle diýdi:
-Eýran Yslam Respublikasynyň esaslandyryjysy ymam Homeýni Muhammet pygamberiň doglan gününi taryhy çeşmelere esaslanyp, rebi-ul owwal aýynyň 12-17-si diýip kesgitläpdir. Bu hepde dünýä musulmanlarynyň arasynda jebislik we agzybirlik hepdesi diýip atlandyrylýar. Bu jebislik, esasan, musulman ymmatynyň köp umumylyklaryna, Hudaýa, dine, mukaddes Gurhana we pygamberiň neberelerine daýanýar. Gurhan bolsa, ylahy ýörelgä daýanmaga we agzybirlige çagyrýar.
Ali Mojtaba Ruzbahani çykyşynyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň pygamberimiz baradaky goşgularyna ünsi çekip, şeýle diýdi:
-Häzirki wagtda iki goňşy ýurtda 300 ýyllygy giňden bellenilýän beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragy mömin-musulman hökmünde hezreti pygamberiň neberelerine aýratyn hormat goýýar. Beýleki söz ussatlary ýaly Magtymguly Pyragy hem pygamberimiz hakda joşgunly, many-mazmunly goşgular ýazypdyr we pygambere bolan söýgüsini şygyrlarynyň üsti bilen beýan edipdir.
Ilçi çykyşynda Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna medeni çäreleri guramakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, sözüni Magtymguly Pyragynyň hezreti pygambere bagyşlap ýazan “Görgeç resul” atly goşgusy bilen tamamlady.
Eýranyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli hezreti Muhammet pygamberiň doglan güni mynasybetli geçirilýän jebislik çäresiniň ähli musulmanlaryň, şol sanda, iki goňşy ýurduň halklarynyň umumy gymmatlygy hökmünde baha berip, şeýle diýdi:
-Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistan, iki goňşy ýurt hökmünde asyrlarboýy doganlyk gatnaşykda bolup, bu gatnaşyklar häzirki wagtda dürli ugurlarda, şol sanda medeniýet ulgamynda aýratyn many-mazmuna eýe boldy.
Çärede Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileri tarapyndan aýdymlar, sahna oýunlary we birnäçe edebi-çeper çykyşlar ýerine ýetirildi. Çäräniň ahyrynda çykyş edenlere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Nýu-Ýorkda türkmen aýdym-saz gijesi

Oktýabr aýynyň medeni çäreleri: TÜRKSOÝ-yň teatr festiwaly geçiriler

Türkmenistanyň wekiliýeti Sankt-Peterburgdaky halkara medeniýet forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

34 harply türki dünýäsiniň umumy elipbiýi dörediler

Türkmen döredijilik topary GDA-nyň ýaşlar simfoniki orkestriniň konsertine gatnaşar

Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi