JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

RF-niň Baştutany hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandyny belläp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz mähirli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän ünsi üçin Prezident Wladimir Putine minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzda Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýar. Hyzmatdaşlyk ýyllarynda ýokary netijeler gazanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanlary Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň mundan beýläk-de köpugurly hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

«Ak şäherim Aşgabat-2026»:Türkmenistan daşary ýurtly kompaniýalar bilen resminamalar toplumyna gol çekdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Ukrainanyň DIM-niň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Si Szinpine gynanç hatyny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanowa 2 sany alabaý sowgat iberdi

Ata Watan Eserleri

Donald Tramp Türkmenistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener