TEHNOLOGIÝA

“Instagram” täze çäklendirmeler girizýär: ýaş ulanyjylar üçin goşmaça howpsuzlyk çäreleri

“Instagram” jemgyýetçilik tory platformasy ýaş ulanyjylaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen täze çäklendirmeleri girizýär. Bu çäklendirmeler 18 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmek üçin döredildi we birnäçe ýurtlarda hereket edip başlady.
Esasy üýtgeşmeler:
Şahsy hasaplar: Täze hasap açýan 18 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin hasaplar awtomatiki ýagdaýda şahsy (gizlin) ýagdaýda bolar. Bu diňe tassyklanan dostlaryň ulanyjynyň mazmunyna göz aýlap biljekdigini aňladýar.
Habarlary çäklendirmek: 18 ýaşdan kiçi ulanyjylar diňe hasaba alnan yzarlaýjylary bilen habarlaşyp bilerler.
Maglumatlary filtrlemek: gözleg bölümlerinde ýaş ulanyjylar üçin käbir maglumatlaryň görkezijisi azaldylar.
Wagty çäklendirmek: Ulanyjylar 60 minutdan köp wagt ulansa, “logoff” (hasapdan çykmak) düwmesi peýda bolar. Şonuň ýaly-da, agşam sagat 10-dan irden sagat 7-e çenli “uky düzgüni” girizilip, duýduryş habarlary ýapylýar we awtomatiki jogap beriş ulgamy işjeňleşýär.
Ene-atalaryň gözegçiligi: Ene-atalar çagalarynyň hasaplaryny gözegçilikde saklap, olaryň saýlamalaryna gözegçilik edip bilerler. Ene-atalar çagasynyň haýsy ulanyjylar bilen habarlaşandygyny görüp bilerler, ýöne habarlaryň mazmunyna girip bilmezler.
Bu çäklendirmeler 2024-nji ýylyň 17-nji sentýabryndan başlap, ABŞ, Kanada, Angliýa we Awstraliýa ýaly ýurtlarda güýje girdi. Ýewropa Bileleşiginde we beýleki ýurtlarda bolsa 2024 ýylyň ahyryna çenli girizilmegine garaşylýar.
Bu täze düzgünler ulanyjylaryň ruhy saglygyna hem-de tehnologiýanyň zyýanly täsirine garşy alnyp barylýan global howpsuzlyk çäreleriniň bir bölegi hökmünde kabul edildi.
Çeşmeler: Anews

Ýene-de okaň

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi

Aşgabat-Astana: Merkezi Aziýada täze sanly ýollar dörediler

Awstraliýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin jemgyýetçilik torlar gadagan edildi

Tbiliside bahasy 1,25 mlrd dollar bolan täze howa menzili gurlar