JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti german işewürleriniň bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji sammitiniň çäklerinde Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we banklarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy.

Duşuşyga Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.

Germaniýanyň “KNAUF”, “Gunter Papenburg”, “CLAAS”, “Siemens Energy”, “Aurubis”, “Ernst Klett”, “Siemens Healthineers”, “Herrenknecht”, “DB Engineering & Consulting”, “Svevind Energy, Rhenus”,  “HMS Bergbau” öňdebaryjy kompaniýalarynyň hem-de banklarynyň ýolbaşçylary wekilçilik etdi.

Foruma gatnaşan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary Astanada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji sammitiniň netijelerine ýokary baha berip, Germaniýanyň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Gepleşikleriň netijeleri, Germaniýanyň öňdebaryjy tejribelerine we innowasion tehnologiki çözgütlerine esaslanýan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda işewürligiň özara gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezdi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Astana şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Germaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde täze taslamalar bilen tanyşdy

Türkmenistanyň käbir etraplarynda täze kazyýet we prokuratura edaralary döredildi

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellendi

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy