Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen maýa goýum forumynyň, Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň we ugurdaş sergileriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, maýa goýum forumyna 44 ýurtdan, şol sanda halkara guramalaryň 22-sinden, daşary ýurt döwlet edaralarynyň we kompaniýalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar. Maksatnama laýyklykda, forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ösüşine we halkara başlangyçlaryna bagyşlanan ykdysadyýet, ulag-aragatnaşyk, nebitgaz, energetika meseleleri boýunça umumy mejlisleriň 3-si, ykdysadyýetiň möhüm ugurlary boýunça mejlisleriň 7-si, “tegelek stoluň” başyndaky maslahatlaryň 4-si geçirildi.
Türkmen tarapynyň wekilleri öz çykyşlarynda milli ykdysadyýetiň pudaklaryndaky maýa goýum mümkinçilikleri, durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan taslamalar, döredilen amatly maýa goýum gurşawy, halkara tejribä laýyklykda, maýadarlar üçin döredilýän hukuk, maliýe-ykdysady şertler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Forumda çykyş eden daşary ýurtly bilermenler, iri halkara guramalaryň, kompaniýalaryň ýolbaşçylary döwletimiziň halkara abraýynyň has-da ýokarlanýandygyny we öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny bellediler.
Forumyň wekilleri Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda nebit-gaz, energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk pudaklaryna degişli iri maýa goýum taslamalarynyň açylyş we gurluşyk işlerine badalga bermek dabarasyna sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Maýa goýum forumynyň çäklerinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we kärhanalary bilen daşary ýurtly kärdeşleriniň arasynda jemi 9 sany ähtnama, 5 sany ylalaşyga, 8 sany şertnama gol çekildi.
Halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, daşary ýurtlaryň döwlet edaralarynyň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri bilen 80-den gowrak duşuşyk guraldy. Olaryň barşynda ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň mümkinçilikleri, özara bähbitli gatnaşyklaryň ugurlary barada pikir alşyldy.
Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahata hem-de sergä ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 28-si, ýerli hususy taraplaryň 58-si, 14 döwletden daşary ýurt kompaniýalarynyň 28-si gatnaşdy. Maslahatyň çäginde «Hi-Tech Startup Turkmenistan — 2024» atly bäsleşigiň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi.