Häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler, ilkinji nobatda, köpugurly bilim bermäge, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işleri yzygiderli ösdürilýär. Şu maksat bilen, tutuş ýurdumyzda her ýyl dünýä ölçeglerine laýyk gelýän umumybilim berýän mekdepler, mekdebe çenli çagalar edaralary gurlup ulanmaga berilýär.
Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, asylly däbe görä, ýurdumyzda täze bilim edaralarynyň açylyş dabaralary boldy.
1-nji sentýabrda Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup ulanmaga berlen Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka iki dost-dogan halkyň hoşniýetli gatnaşyklaryny üpjün edýär, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar.
Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy ýokary derejede geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň sanly ulgam arkaly aragatnaşyga çykmaklary we çykyşlarynyň çuňňur mana eýe bolmagy aýratyn bellärliklidir.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär.
“Ösüşleriň we özgerişleriň, döretmegiň, gurmagyň nusgalyk ýoly bilen ynamly öňe barýan häzirki beýik döwrümizde milli tejribelerimize eýerip, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirýäris. Bu özara baglanyşykly, toplumlaýyn işler ýurdumyzyň bilim binýadyny has-da berkitmek bilen birlikde, päk ahlakly, hakyky watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine oňyn täsir edýär”, diýlip hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda bellenilýär.
“Biz geljekde hem ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin ähli şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns bereris” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar hem-de talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň yhlasly okap, zähmet çekip, döredijilikli gözleglerde bolmalydyklaryna, Watanymyzyň şan-şöhratyny belende götermelidiklerine ünsi çekýär.
Ýurdumyzyň dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň çäginde abraýly halkara we sebit guramalary, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzümleri bolan Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Ösüş maksatnamasy, şeýle-de Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň meşhur ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli pugtalandyrylýar. 2023-2024-nji okuw ýylynda çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy tejribelere hem-de halkara ülňülere laýyklykda kämilleşdirilip, bilimiň üznüksizligi we onuň ähli derejeleriniň yzygiderliligi üpjün edildi.
2024-nji ýylyň 25-nji maýynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasy tassyklandy. Bu möhüm resminama bilim bermegiň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmäge, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge, okuw işine innowasion usullary giňden ornaşdyrmaga, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Zehin heniz üsti açylmadyk, el degmedik, göz görmedik bir genji-hazynadyr. Her bir işe döredijilikli çemeleşilse, onuň hakyky öwüşgini we gymmaty görner» diýip, milli ýörelgelerimizden, tejribelerimizden ugur alyp, zehinli çagalary hemişe ýagşy işlere höweslendirip durmagy hem-de asylly maksatlara ugrukdyrmagy maslahat berýär. Şoňa görä-de, has zehinli çagalary ýüze çykarmak, ýaşlarymyzyň tebigy zehinini, başarnyklaryny, şahsy mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça öňümizdäki okuw ýylynda alnyp baryljak işler guramaçylyk-usuly, innowasion-pedagogik, ylmy-usulyýet nukdaýnazaryndan has-da döwrebap guralar.
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünärmenleri, pedagogik ugurly ýokary hünär bilimi edaralarynyň professor-mugallymlary okatmagyň usulyýetini kämilleşdirerler, okuw kitaplaryny, gollanmalary ylmy, nazary, amaly taýdan baýlaşdyrarlar, ylmy-usuly gollanmalary taýýarlarlar. Pedagogik nazaryýetiň hem-de usulyýetiň meselelerine, terbiýeçilik işiniň esasy ugurlaryna, öňdebaryjy pedagogik tejribelere, şeýle-de milli pedagogik pikiriň döreýiş taryhyna bagyşlanan köp jiltlik ýygyndylar, kitaplar, monografiýalar ýazylýar hem-de mugallymlara elýeterli edilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir raýaty, okuwçy we talyp ýaşlar, mugallymlar hem-de terbiýeçiler üçin ägirt uly döredijilik mümkinçilikleri açylýar. Beýik maksatlar üçin yhlasly okaýan, öwrenýän, döredýän, dünýäniň dürli künjeklerinde biziň Watanymyza mynasyp wekilçilik edýän mekdep okuwçylarymyzyň halkara olimpiadalarda, ylmy we döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýan ýaşlarymyzyň hatary barha artýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan bilim syýasatynyň hem-de giň gerimli bilim özgertmeleriniň örän netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.
Goý, şanly Garaşsyzlygymyzyň mukaddes ýol-ýörelgelerini yzygiderli kämilleşdirip, halkyny jebislik bilen öňe alyp barýan, ýaş nesilleriň kämil bilim-terbiýe almagy üçin ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!