MEDENIÝET

Ussatlaryň halypasy

Türkmen milli aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran ussatlar sanardan kän. Manyly ömrüni opera sungatymyzyň ösmegine bagyş eden Türkmenistanyň Halk artisti Medeniýet Şahberdiýewa bilbil owazy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň milli medeniýetine egsilmez goşant goşan ägirtleriň biridir. Medeniýet Şahberdiýewa doganlyk halkalaryň dillerinde hem ençeme aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirtip, agzybirligi, parahatçylygy şirin owazy bilen äleme ýaýdy.

Medeniýet Şahberdiýewa belent sesli şirin aýdymlary bilen diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda uly tagallalar eden ussat. “Dünýäniň saýrak bilbili” adyny alan halypa aýdymçy ajaýyp aýdymlary bilen ýaşlary Watançylyk ruhynda terbiýelemäge, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna mynasyp bolup ýetişmekleri ugrunda mynasyp işleri alyp bardy. Onuň kalbyndaky Watan söýgüsinden joşgun alýan ylhamy göwünlere ganat berýän owaz ýüreklere mähir, söýgi bagyşlaýar.

Her bir sungat ussadynyň beýik terbiýeçi, Watan gymmatlyklaryny, ata-babalarymyzdan gelýän ahlak ýörelgeleri wagyz ediji şahsyýet bolýandygyny taryh aýan edip gelýär. Medeniýet Şahberdiýewanyň döredijiligine ser salanyňda, onuň bu ugurda nusgalyk şahsyýetdigne  göz ýetirmek bolýar.  Şu ýerde beýik halypanyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren kompozitor Alýabýewiň “Soloweýini” (“Bilibil” aýdymy) hem-de kompozitor Nury Halmämmedowyň “Aşgabat” atly iki aýdymy hakynda ýatlap geçmek isleýärin.

Medeniýet Şahberdiýewa “Soloweý” aýdymy bilen dünýä çykdy. Doganlyk halklaryň belent sesli sungat ussatlarynyň onlarçasy bu aýdymy ýerine ýetirdi, ýöne şol ussatlaryň arasynda Medeniýet Şahberdiýewanyň has-da ýokary derejede tapawutlanýandygyny aýratyn bellenilýär. Ol bu aýdymy ýerine ýetirende ýaýlyp ýatan türkmen sährasy, Hak nazary siňen keremli topragymyzyň erem baglyklarynda saýrap oturan bilbil göz öňüňde janlanýar. Aýdymçynyň Watan mukaddesligine bolan söýgüden doly kalbyndan joşup çykýan ses belentligi, türkmen ruhy bilen tebigat gözelliginiň waspyny ýetirýär.

Ussat halypanyň “Aşgabat” aýdymy hem şolar ýaly derejedäki akgynlydan kalplara joşgun berýän ajaýyp aýdymlaryň biridir. Bu aýdymyň üsti bilen halypa diňleýjilerine ýurdumyzyň ýüregi Aşgabadyň gözelliginiň ajaýyplygyny wagyz edýär. Özi-de onuň ussatlygy haýsy ýurtda çykyş etse, bu aýdymy doganlyk halkalryň dillerinde ýerine ýetirenligidir. Ony diňlän diňleýji hyýalynda paýtagtymyzyň al-elwan güller bilen örtülen tämiz köçelerine seýran edip, gözelliklerini göz öňüne getirýär.

Men Medeniýet Şahberdiýewa bilen görşüp, söhbetdeş bolmak bagtyna eýe bolandygym üçin onuň belent sungaty bilen bir hatarda, adamkärçilik häsiýetleri hakynda hem şulary okyjylara ýetiresim geldi. Medeniýet Şahberdiýewada beýiklere mahsus sadalyk, kiçigöwünlilik, enelere mahsus mähremlik, şol bir wagtyň özünde-de ynsanperwerlige ýugrulan sahylyk bardy. Ol şu häsiýetleri bilen zähmet çeken bilim ojagy – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda tälim beren talyplaryna görelde görkezýärdi. Ussat mugallymyň şägirtlerinden ýatlap geçsek, Atageldi Garýagdyýew, Roza Töräýewa,  Kerimguly Gorowow, Atajan Berdiýew, Gözel Öwezowa, Sumbar Kalendarowa,  Aýna Seýitgulyýewa, Žanna Saýýan, Bilbil Annaorazowa ýaly şägirtleriniň hemmesi-de häzir uly at-abraýa eýe bolan Medeniýet we sungat ussatlary bolup ýetişdiler. Ony ýakyndan tanadygyňça ýüreginiň edil çaganyňky ýaly päkdigini, ýagşylyk üçin ýaradylan beýik ynsandygyny duýmak bolýardy. Ol Döwletiň, Watanyň, Halkyň öňünde halal we päk zähmetiň bilen ýalkanmalydygynyň beýik nysgasydy. Bir gezek ol maňa: “Sungat adamsynyň gije-gündizi bolmaýar, ol hemişe zähmet çekmeli, kämillege ýetmegiň ýoly daş, ýöne ol ýola ýetmek üçin irmän-arman yhlas etmeli. Watanyňy, ýurduňy, il-günüňi jan-jigerden söýmeli. Beýik sungat eserleri söýgüden döreýär” – diýipdi.

Halypanyň diňe şu sözleriniň özi-de biz – ýaşlar üçin watansöýüjilik sapagydyr. Medeniýet Şahberdiýewanyň döredijilik ýoly hiç haçan ähmiýetini ýitirmejek özboluşly kitaba çalym edýär. Ol kitaba içgin aralaşdygyňça, buýsanjyň artyp, alnyňda täze bir dünýä açylýar. Ol ýüzlerçe şägirtlerine halypa, talyplaryna mugallym, il-gününe ynsanperwer şahsyýet hökmünde öz ömrüni bakylyga ýar etdi. Onuň halkyň, Watanyň abraýy üçin bitiren taýsyz hyzmatlary nesiller üçin nusgalyk mekdepdi. Çünki Watan gözelliklerini kalbynda jemlän ussat Watansöýüji şahsyýet hökmünde dost-doganlyk halkalryň aňyna ebedi ýol salypdy.

Her bir adam Medeniýet Şahberdiýewanyň N. Halmämmedow ýaly seýrek zehinli halypalar tarapyndan döredilen aýdymlaryny, Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli goşgularyny aýdymlarynyň üsti bilen ýaşlaryň aňyna ýetirişinde, “Aşyr aganyň hötjetligi”, “Japbaklar”, “Şasenem we Garyp”, “Meniň dostum Meleguş” filmlerinde ýerine ýetiren aýdymlarynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda D. Öwezow we A. Şapoşnikowyň “Aýna” operasynda Bilbiliň, hem-de “Şasenem-Garyp” operasynda Şasenemiň keşplerinde, D. Öwezow we Ý. Meýtusyň “Leýli-Mejnun” operasynda Leýliniň keşbinde döreden keşpleri bilen mukaddes Watana bolan çäksiz söýgüsini we ýokary ruhy ahlagyny duýup biler.

Türkmen aýdym-saz sungatynyň ussat halypasy Medeniýet Şahberdiýewanyň milli hem-de dünýä medeniýetinde yz goýan sungat ýoly bakydyr we müdümidir.

Watan söýgüsini kalbyna guýup,

Durmuş gözelligini wasp eden ussat.

Siziň aýdym-sazda ýaşan ömrüňiz,

Göýä aýdym hakda ajaýyp dessan.

 Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,

 Murgap etrabynyň, Deňizhan şäherçe

 kitphanasynyň II-derejeli kitaphanaçysy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

 

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi

“Gladiator 2” ilkinji hepdesinde rekord goýdy