JEMGYÝET

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ hyzmatdaşlygyny berkider

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,  daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Türkiýä saparynyň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» we 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilmegi bilen bagly bilelikde geçirilmeli çäreler boýunça giňişleýin pikir alyşyldy.

Duşuşykda TÜRKSOÝ, ÝUNESKO we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň hem-de gadymy Änew şäheriniň medeni ähmiýetini wagyz etmäge aýratyn üns berildi.

Taraplar şeýle hem hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, türki dilli halklaryň baý medeni mirasyny gorap saklamagy, öwrenmegi we wagyz etmegi maksat edinýän Türkmenistan bilen TÜRKSOY-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Türki medeniýetiň halkara guramasy bilen mümkin bolan ähli gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini nygtady.

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň agzalary TÜRKSOÝ-yň edara binasynda türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan kitaplaryň we suratlaryň sergisi bilen tanyşdylar.

Ýene-de okaň

Hyzmatdaşlygyň täze formaty: “Merkezi Aziýa-Beýik Britaniýa” daşary işler ministrleriniň ilkinji duşuşygy

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisi 22-nji maýda Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa sapary: hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekildi

Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda 45 milliard dollarlyk taslamalary amala aşyrdy

Ata Watan Eserleri