Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlary tamamlanyp barýar. 4 ýyldan bir gezek geçirilýän Olimpiýa oýunlary köp sanly ýatda galyjy pursatlary bilen sport taryhynda öz ornuny alar.
Ýene-de 2 günden, ýagny 11-nji awgustda Olimpiýa oýunlary tamamlanar. Bu Olimpiýa oýunlarynda köp sanly türgenler Olimpiýa we dünýä rekordlaryny goýdular. Birnäçe türgen birden köp medalyň eýesi boldular.
8-nji awgustda özbek sporty üçin “altyn” gün boldy. Özbegistanyň türgenlerinden Ulugbek Raşitow we Hasanboý Dusmatow iki gezek Olimpiýa çempiony boldular. Hasanboý Dusmatow 51 kg agramda çykyş edip, boksda 2 gezek Olimpiýa çempiony bolan özbek türgeni boldy. Şeýle hem Ulugbek Raşitow bolsa tekwando sportunda uly üstünlik gazandy.
Ulugbek Raşitow öz ýurduna tekwando sportunda Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda ilkinji altyn medal gazandyrypdy.
Olimpiýa oýunlarynyň tamamlanmagyna 2 gün galanda ABŞ-nyň milli ýygyndysy 30 altyn, 38 kümüş we 36 bürünç, jemi 104 medal bilen birinji orunda barýar.
Ikinji orundaky Hytaýyň türgenleri 29 altyn, 25 kümüş, 19 bürünç medal bolmak bilen jemi 73 medal gazandy.
Özbegistan 3 altyn, 2 bürünç bilen jemi 5 medal, Gazagystan 1 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç bilen jemi 7 medal, Gyrgyzystan 1 kümüş, 3 bürünç jemi 4 medal we Täjigistan 3 bürünç bilen jemi 3 medal gazandy.
Umuman, Pariž Olimpiadasynda 86 döwletiň türgenleri medal gazanagy başardy. Şeýle hem ilkinji gezek bosgunlary topary özüniň ilkinji olimpiýa medalyny gazandy. Ol hem boksda asly kamerunly Sindi Winner Janke Ngamba Olimpiýa oýunlarynda medal gazanan ilkinji bosgun türgen boldy.
