Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda Merkezi Aziýanyň ulag ministrleriniň 2-nji duşuşygy geçirildi. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ulag ministrleri gatnaşdy.
Duşuşyga gatnaşan Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýew, Täjigistanyň ulag ministri Azin Ibrohim, Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow, Gyrgyzystanyň ulag ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Absattar Syrgabaýew we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy Guwançmyrat Akmämmedow çykyş etdiler.
Ulag ministrleriniň duşuşygynda üstaşyr geçelgeler, demirýol, awtomobil ýollary, şeýle hem howa ulaglary arkaly ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, ministrler maýa goýumlaryny çekmek, infrastrukturany ösdürmek, ulag we logistika merkezleriniň işini kadalaşdyrýan hukuk binýadyny gowulandyrmak üçin amatly gurşaw döretmek çäginde ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklara gönükdirilen ähtnama gol çekdiler.
Şeýle hem wekiliýet agzalary Astana şäherindäki elektrikli lokomotiwleri ýygnaýan zawoda baryp gördüler. Bu ýerde Gazagystanyň ýerli lokomotiw gurluşygynyň önümçilik mümkinçilikleri tanyşdyryldy.