BIZNES

«Guwlyduz» önümçilik toplumyna 3 sany halkara Güwänama berildi

Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, şanly senelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän “Guwlyduz” önümçilik toplumynyň önümleriniň Ekologiýa menejment talaplaryna laýyk gelýän ISO 14001 Güwänama, şeýle hem şu kärhanada lukmançylyk önümleriniň ISO 13485 menejment hil ulgamyna laýyk gelýändigi baradaky Güwänama hem-de bu kärhanada duz önümçiligi boýunça menejment hil ulgamynyň talaplaryna doly laýyk gelýändigi baradaky ISO 9001 talaplaryna laýyk gelýändigini aňladýan Güwänama berildi. Munuň özi ýurdumyzda lukmançylyk edaralary üçin niýetlenen önümleriň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar