BIZNES

“Air France” kompaniýasyna 7 milliard ýewrolyk goldaw

Ýewropa Komissiýasy “Air France” awiakompaniýasyna goldaw bermäge rugsat berdi. Şeýlelikde bu awiakompaniýa Fransiýanyň hökümetinden 7 milliard ýewro maliýe kömegi alar. Bu maliýe kömegi koronawirus keseli zerarly emele gelen maliýe kynçylyklar sebäpli berildi.

Fransiýa tarapyndan taýýarlanan karzlar üçin döwlet kepillikleriniň degişli meýilnamasy Ýewropa Komissiýasy tarapyndan ylalaşyldy.

Awiakompaniýa hem öz gezeginde birnäçe borçnamalary öz üstüne alýar. Şolaryň hatarynda 2024-nji ýyla çenli içerki uçuşlarda “CO2” zyňyndylaryň möçberini iki esse azaltmak, uçar flotynyň täzelemek we gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden öndürilen ýangyjyň ulanylyşyny 2025-nji ýyla çenli 2%-e çenli ýokarlandyrmak bar.

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margret Westager, bu karzyň “Air France” kompaniýasyna pandemiýanyň täsirine garşy durmak üçin gyssagly zerur çäreleri görmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi