Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2024-nji ýylyň 23-nji iýuldaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Dürli adamlar bilen düşünişmek aňsat bolar, hatda siz bilen düýbinden dil tapyşmaýanlar bilenem umumy dil tapyp bilersiňiz. Häzirki wagtda tutanýerliligi görkezýän Hamallar karýera basgançagyna çykmaga mümkinçilik alarlar. Pikirleriňizi öňe sürseňiz haýsydyr bir mesele hakda öň jedel edenleriňiz bilen gatnaşyk gurup bilersiňiz. Şeýle hem tamamlanan ýaly bolup görünýän romantiki hekaýany dowam etdirmäge mümkinçilik bolar.Günüň ikinji ýarymy birneme asuda bolar we garaşylmadyk ýagdaýda bolar. Geň galdyryjy tötänlikler we geň wakalar, tanyş zatlara täzeçe garamaga kömek eder.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Bu gün ýakymly wakalardan doly bolar. Täze tanyşlaryňyzam derrew sizi halarlar. Işewür we resmi däl gatnaşyklara başlamak mümkin bolar we hemme zat islegiňe bagly.Romantiki hekaýalaryň başlangyjy mümkin. Gatnaşyklar çalt öser we köp oňyn duýgulary getirer.Köp zatlarda üstünlik gazanarsyňyz. Ileri tutulýan ugurlary dogry kesgitlemek ilki bilen nämäniň çözülmelidigine we nämä garaşyp boljakdygyna düşünmek möhümdir. Täze zatlary çalt öwrenmek we alnan maglumatlar öwrenmek üçin ukybyňyz peýdaly bolar.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Günüň başynda asuda bolmak aňsat bolmaz. Emosional ýagdaý durnuksyz bolar islendik ownuk wakalar keýpiňize täsir edip biler.Käwagt üns bermejek zatlaryňyz hakda alada edersiňiz. Emma wagtyň geçmegi bilen oňyn tendensiýalaryň täsiri artar özüňizi has ynamly duýarsyňyz we möhüm meselede ýakyn wagtda üstünlik gazanjakdygyňyza düşünersiňiz.Günüň ikinji ýarymy täze bir zat almak üçin amatly bolar.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Üns beriň. Size kyn ýöne örän netijeli gün garaşýar. Köp meseleleriňizde üstünlik gazanmaga mümkinçilik taparsyňyz. Dostlaryňyz siziň pikirleriňizi höwes bilen goldarlar we meýilnamalaryňyzy çalt durmuşa geçirip bilersiňiz.Pozitiw tendensiýalaryň täsiri günüň başynda has gowşak we wagtyň geçmegi bilen artar. Günüň ikinji ýarymy birinjisinden has üstünlikli we gyzykly bolar. Bu wagt durmuşyňyzda möhüm rol oýnajak adamlar bilen duşuşmagyňyz ähtimal.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Çynlakaý bir zat hakda alada etmek kyn. Oňyn tendensiýalaryň täsiri günüň dowamynda güýçli bolar we köp zat garaşanyňyzdan has gowy çykar. Nämä ýetmek isleýändigiňize gowy düşünip, hiç kimiň sizi bulaşdyrmagyna ýol bermersiňiz. Käbir Esetler öňden alan bilimleri sebäpli gowy pul gazanmak mümkinçiligi bolar.Güniň ikinji ýarymynda dawa edenleriňiz bilen ýaraşyk baglaşyp bilersiňiz.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Bu gün iň aňsat bolman biler ýöne ýolda ýüze çykýan ähli päsgelçilikleri ýeňip geçersiňiz. Garaşylmadyk wakalar ähtimal. Käbir Sünbüleler ýakynlaryndan has möhüm maglumatlary alarlar we ondan peýdalanyp bilerler. Bagtly tötänlikler ähtimal. Köplenç olaryň kömegi bilen başgalary binjalyk eden meseleleri çözüp bilersiňiz.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Bu gün islendik gyzykly we peýdaly çäreler üçin ajaýyp. Köp Mizanlara ýakymly garaşylmadyk zatlar, täze täsirler we ýatdan çykmajak wakalar garaşýar. Möhüm bir işde üstünlik gazanmaga mümkinçilik bolar. Tutanýerlilik garşydaşlaryňyzdan öňe geçmäge kömek eder. Daş-töweregiňizdäki adamlar nämän ukyplydygyňyzy görerler.Ýakyn wagtda gyzykly teklipler bolar. Agşam ýakynlaryňyz bilen habarlaşmak maşgala wakalary we dostlaryňyz bilen duşuşmak üçin amatly pursat.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin gowy gün. Hiç kimiň göwnüne degmezden öz pikiriňizi gorap bilersiňiz. Käbir Akraplar täze ýaranlary we kömekçileri taparlar. Işewürlikde başlangyç etmek pikir alyşmak meýilnamalaryňyz hakda gürleşmek peýdalydyr. Nagt pul girdejileri mümkin.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Bu gün kabul eden kararlaryňyz üstünlikli bolmagy gaty ähtimal. Başgalaryň ýalňyşlyklaryny düzetmeli ýa-da başgalar üçin has möhüm zatlary kabul etmeli bolmagyňyz mümkin. Güniň ikinji ýarymynda köne meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirip bilersiňiz. Günortanlyk resmi däl ýagdaýda ýygnaklar üçin amatly. Köne tanyşlar size özlerini ýatladyp bilerler we olary görüp begenersiňiz.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Bu gün çylşyrymly meseleleri gowy çözersiňiz we möhüm soraglara dogry jogap taparsyňyz. Düşnüksiz ýagdaýlarda duýgurlyk size özüňizi nädip dogry alyp barmalydygyňyzy görkezer.Güniň ikinji ýrymynda iş we şahsy gatnaşyklary gowulaşdyryp ozal dost bolan ýa-da hyzmatdaş bolan adamlaryňyza özüňizi ýatladyp bilersiňiz. Ýyldyzlar belginiň käbir wekillerine bu gün ýakymly garaşylmadyk zatlary wada berýär.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Güni aýratyn kyn meseleler bilen başlamazlyk has gowudyr. Mümkin bu wagt gaty möhüm däl ýöne şonda-da ünsi talap etmeli bir zady etmeli bolarsyňyz. Seresap boluň we ýalňyşlyk goýbermezlige synanyşyň. Soň bolsa başgalaryň üns bermedik ownuk zatlaryna üns bereniň.Günüň ikinji ýarymy diýseň amatly. Köp işleriňiz üstünlikli bolar şonuň üçin wagtyňyzy ýitirmezlik has gowudyr. Gerek bolsa ýaranlary ýa-da kömekçileri aňsatlyk bilen tapyp bilersiňiz.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Islän zadyňyzy çalt alyp bilersiňiz. Yza çekilmezlik başlanan zadyňyzy taşlamazlyk möhümdir. Garaşylmadyk ýygnaklar mümkin.Günüň ikinji ýarymy käbir köne meýilnamalara dolanyp olary durmuşa geçirmäge mümkinçilik bolar. Bu ýerde köp sanly köne we täze dostlar kömek eder. Günüň ahyrynda köpden bäri görmedik köne tanyşlaryňyz size özlerini ýatladyp bilerler. Aragatnaşyk garaşylýandan has ýakymly bolar.