Talyp-2024

Magistr-2024:Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk instituty

SEÝITNAZAR  SEÝDI  ADYNDAKY TÜRKMEN  DÖWLET MUGALLYMÇYLYK  INSTITUTY 2024/2025-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy  boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

I. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugry: psihologiýa pedagogika bilimi). Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Instituta magistr maksatnamasy boýunça okuwa pedagogik hünär derejesini göz öňünde tutýan ýokary hünär bilimi hakyndaky resmi namasy (diplomy) bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda) 2024-nji ýy lyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edil ýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgasy ýa-da diplomyň tassyklanan göçürmesi (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Söhbetdeşlik we okuwa kabul edilmek institutda (Türkmenabat şäheri) 2024-nji ýylyň 17-nji awgustynda geçirilýär.

Söhbetdeşlik taýýarlygyň “Psihologiýa-pedagogika bilimi” ugry boýunça häzirki zaman türk men jemgyýeti dersinden ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda türkmen dilinde geçirilýär.

Bellenilen wagtda söhbetdeşlige esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Söhbetdeşlik  netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.

 Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmendöwlet mugallymçylyk institutynyň salgysy:

Türkmenabat ş., Şa bende köçesi, 7, tel.: 32550, 30418.

Ýene-de okaň

Magistr-2024:Türkmen döwlet medeniýet instituty

Magistr-2024:Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty

Magistr-2024:S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024