Talyp-2024

Magistr-2024:Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty

TÜRKMEN DÖWLET YKDYSADYÝET WE DOLANDYRYŞ  INSTITUTY 2024/2025-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy  boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet; salgyt menejmenti, milli ykdysadyýet, dünýä ykdysadyýeti, işewürlik dolandyryş). Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.Instituta taýýarlygyň ykdysadyýet we salgyt menejmenti ugurlary boýunça ýokary bilimden pes bolmadyk, taýýarlygyň milli ykdysadyýet we dünýä ykdysadyýeti ugurlary boýunça ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şä-herleri boýunça) 2024-nji ýy lyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgasy ýa-da diplomyň tassyklanan göçürmesi (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýy lyň 13-14-nji awgustynda geçirilýär.

Giriş synaglary ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda şu aşakdaky dersler boýunça döwlet dilinde geçirilýär:

taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet, milli ykdysadyýet — ykdysady nazaryýet, Türkmenistanyň ykdysadyýeti;

taýýarlygyň ugry: salgyt menejmenti — ykdysady nazaryýet, salgyt menejmenti;

taýýarlygyň ugry: dünýä ykdysadyýeti — ykdysady nazaryýet, dünýä ykdysadyýeti.

işewürlikdolandyryş — ykdy sady nazaryýet, menejment;

Bellenilen wagtda giriş synagyna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň salgysy:

Aşgabat ş., 1972nji (Atatürk) köçe, 73,tel.: 48-62-89, 48-62-75.

Ýene-de okaň

Magistr-2024:Türkmen döwlet medeniýet instituty

Magistr-2024:Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty

Magistr-2024:S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024