Talyp-2024

Magistr-2024:  Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti

HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETI

2024/2025-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär: I. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugry: bilimi dolandyrmak). II. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: işewürlik dolandyryş).

 Okuwlar iňlis dilinde geçilýär. Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Uniwersitete ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş söhbetdeşliginiň ne tijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary ýa-da tassyklanan göçürme leri (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş  we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýet nama;

3×4 sm ölçegdäki sekiz  sany foto surat;

işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

magistr maksatnamasy boýunça okuwa girmegiň maksadynyň beýany «Statement of  Purpose» (beýan iňlis dilinde ýazylmaly we 500 sözden köp bolmaly däl). Bulardan başga-da, oku wa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görke zilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkez ýärler we nusgalaryny tab şyrýarlar: pasportyny;

harby şahadat namasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçi lik çekýär. Söhbetdeşlik we okuwa kabul edilmek uniwersitet-de (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 19-20-nji awgus tynda geçirilýär. Söhbetdeşlik saýlanan ugur boýunça iňlis dilinde geçiriler.

Bellenilen wagtda söhbetdeşlige esassyz  sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär. Söhbetdeşligiň   netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

magistr maksatnamasy boýunça okuwa girmegiň maksadynyň beýanyndan ýokary baha alanlar;

saýlan taýýarlygynyň  ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar.

 Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy:

Aşgabat ş., 1958 nji (Andalyp) köçe, 169, tel.: 398562, 398525.

Ýene-de okaň

Magistr-2024:Türkmen döwlet medeniýet instituty

Magistr-2024:Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty

Magistr-2024:S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024