Talyp-2024

Talyp-2024: Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy

2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:
I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

I. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüş-leri (hünärler: monumental nakgaşçylygy; stanok nakgaşçyl ygy; teatr-bezeg nakgaş-çylygy; stanok grafikasy; kitap grafikasy; heýkeltaraşlyk; keramika sungaty; zergär-çilik sungaty; halyçylyk sungaty).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüş l e-ri (hünärler: dizaýn; şekil lendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti; binagärlik gurşawy-nyň dizaýny (binagärl ik-çeper çözgüdi)).

2. Binagärlik (hünärler: binagärlik ýady-gärlikl eriniň rejelenilişi).

3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hü-när: animasiýa we grafika dizaýny).

Akademiýa umumy orta bilimden pes bolma-dyk binýatda bil imi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synag larynyň ne-tije l eri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary akademiýada (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly ara-lygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazy-lan arza;

— belleni l en nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusga-sy), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakyndaky resminamanyň (diplomyň) tassyklanan göçürmesi;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan belle-nilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, har-by bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersl eri boýunça mekdep okuwçyla-rynyň döwlet bäsl eşiginiň ýeňiji l eri, halkara bäs-leşikl ere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy to-parynyň agzalary, taýýarlygyň dörediji l ik ugurl ary boýunça milli we halkara döredij ilik bäsl eşikleri-niň ýeňij il eri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bu l ardan başga-da, okuwa girmäge isl eg bildir-ýänler ýokarda görkezilen resminamal ar bi l en birlik-de, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşak-dakyl ary görkezýärl er we nusgal aryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Döredijilik ugurlary boýunça okuwa girýän dalaşgärler kabul ediş toparyna özbaşdak ýe-rine ýetiren işlerini (galamda çekilen suratlar, nakgaşçylyk eserleri, heýkel, keramika işleri we ş.m.) tabşyrýarlar.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa ka-bul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalan-ýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzl ary üçin dal aşgär şahsy jogapkärçi l ik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek akademiýada (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 31-nji iýuly — 7-nji awgusty aralygynda bellenen möhletlerde geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: monumental nakgaşçylygy; stanok nakgaşçylygy; teatr-bezeg nak-gaşçylygy; stanok grafikasy; kitap grafikasy — galamda gipsden ýasalan adamyň göwresiniň şekilini çekmek; reňkde berlen te-madan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;

hünär: heýkeltaraşlyk — galamda gipsden ýasalan adamyň portretini çekmek; berlen te-madan heýkeltaraşlyk taslamasyny ýerine ýe-tirmek; Türkmenistanyň taryhy;

hünär: dizaýn — galamda gipsden ýasalan adamyň portretini çekmek; berlen temadan di-zaýn taslamasyny ýerine ýetirmek; Türkmenis-tanyň taryhy;

hünärler: keramika sungaty; zergärçilik sungaty; halyçylyk sungaty — galamda natýurmort çekmek; hünär aýratynlygyna la-ýyklykda, berlen temadan taslama ýerine ýetir-mek; Türkmenistanyň taryhy;
hünär: şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti — galamda natýurmort çek-mek; berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: binagärl ik gurşawynyň dizaýny (binagärl ik çeper-çözgüdi); binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi; animasiýa we grafika dizaýny — galamda gipsden ýa-salan adamyň portretini çekmek; berlen çyz-gynyň aksonometriýasyny düzmek; Türkme-nistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türk-menistanyň orta mekdepleriniň we çeperçilik mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esa-synda geçirilýär.

Türkmenistanyň taryhy boýunça giriş sy-nagy döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä ge-lip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri bo-ýunça synagdan geçip bilmedikler soňky sy-naglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýag-daýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejele-nen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň salgysy: Aşgabat ş., 2022-nji (A.Nowaýy) köçe, 90, tel.: 92-56-41, 92-31-19, 92-25-08.

Ýene-de okaň

Magistr-2024:Türkmen döwlet medeniýet instituty

Magistr-2024:Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty

Magistr-2024:S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024