Talyp-2024

Talyp-2024: Türkmen döwlet maliýe instituty

 2024/2025-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:
1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taý-ýarlygyň ugurlary: halkara maliýe; ma I iýe we karz; salgytlar we salgyt salmak; bank işi we pul do lanyşy-gy; töwekgelçi likleri do landyrmak we ätiýaçlandyryş işi; birža işi; buh-galterçil ik hasaba alnyşy we audit; mal iýe; maliýe gözegçil igi; maliýe menejmenti; işewürlik-informatika; ma l iýe bazarlary we banklar).

Institutda okuwlar tölegli esasda al-nyp barylýar.

Instituta umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň ra-ýatlary giriş synaglarynyň netij eleri bo-ýunça bäsl eşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat mer-kezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aş-gabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň ady-na ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalna-ma (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy gora-ýyş we derman senagaty ministrligi ta-rapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerin-den, harby bö l ümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fo-tosurat;

— işleýänler üçin zähmet depder-çesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýe-ňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmä-ge isleg bildirýänler ýokarda görkezi-len resminamalar bilen birlikde, res-minamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusga-laryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da
ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşa-ýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) oku-wa kabul edilmek üçin artykmaç hukuk-dan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýl eki resminamalary görkezip bi l er.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Aşgabat we Arkadag şäherleri — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 4-i we 6-sy günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 2-3-i, 5-i we 7-si günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 8-9-y, 11-i we 12-si günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 11-i we 12-si günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 13-14-i, 16-sy we 17-si günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýy-nyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri.

Giriş synaglary taýýarlygyň ähli ugurlary boýunça matematika, Türk-menistanyň taryhy, geografiýa dersle-rinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleri-niň okuw maksatnamalarynyň esasyn-da geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synag-lary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz se-bäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synag-dan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli ge-çen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artyk-maç hukukdan «Bilim hakynda» Türk-menistanyň Kanunynyň rejelenen gör-nüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgysy: Aşgabat ş., (1987) Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112, tel.: 49-61-99, 49-07-92.

Ýene-de okaň

Magistr-2024:Türkmen döwlet medeniýet instituty

Magistr-2024:Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty

Magistr-2024:S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024