Talyp-2024

Talyp-2024: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty

2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hü-närler: binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny meýilleşdirmek; ýol gurluşygy iş-lerinde raýat goranyşy);

2. Himiýa tehnologiýalary (hünär: himiýa sena-gatynda we ulanylyşynda raýat goranyşy).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Binagärlik (hünärler: binagärlik; şähergurlu-şyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek; binagärlik gurşawynyň dizaýny);

2. Gurl uşygyň tehnikasy we tehno logiýalary (hünär-ler: senagat we raýat jaý gurluşygy; ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy; suw üpjünçiligi, ula-nylan suwlary akdyryş we suw gorlaryny goramak; awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy; gurluşyk materiallaryny, önümleri-ni we konstruksiýalaryny öndürmek; köprüler we ulag tunnelleri; şäher gurluşygy; amaly geodeziýa; seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk);

3. Elektrik we ýylylyk energetikasy (hünärler: elektrik üpjünçiligi; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirili-şi hem-de awtomatikasy);

4. Maşyngurl uşyk (hünärler: önümçiligiň we teh-nologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy; gö-teriji-äkidiji, gurluşyk, ýol maşynlary we enjamlary; himiýa önümçiliginiň we gurluşyk materiallary kärhanalarynyň maşynlary we apparatlary);

5. Himiýa tehnologiýalary (hünärler: organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy; eremesi kyn me-tal däl we silikat materiallarynyň himiki tehnologi-ýasy; aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy);

6. Materiallaryň tehnologiýalary (hünär: metalla-ry basyş bilen işläp taýýarlamak);

7. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (hünär: metro-logiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyr-mak (senagat pudagynda)).

III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Ýeri öwreniş ylymlary (taýýarlygyň ugry: kartogra-fiýa we geoinformatika (senagat pudagynda));

2. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (taý-ýarlygyň ugry: gozgalmaýan emläkleriň eksperti-zasy we dolandyrylyşy (senagat pudagynda));

3. Informatika we hasap l aýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurl ary: maglumat we kommunikasiýa tehnologi-ýalary (senagat pudagynda); maglumat ulgam-lary we tehnologiýalary (senagat pudagynda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat-ölçeýiş tehnikasy we tehnologiýasy);

4. Mag l umat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: mag-lumat howpsuzlygy (okuwlar iňlis di l inde alnyp bar-lar). Okuwyň dowamlylygy 5 ýyl a (1 ýyl — dil taýýarly-gy, 4 ýyl — baka l awr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir;

5. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgam-lary (taýýarlygyň ugurlary: mikroelektronika we ýa-rymgeçirijili abzallar; senagat elektronikasy);

6. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: hi-miýa tehnologiýasy (senagat pudagynda));

7. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugur-lary: önümçiligiň ykdysadyýeti we guralyşy (se-nagat pudagynda); kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (senagat pudagynda); logis-tika (senagat pudagynda)).

Instituta umumy orta bilimden pes bolmadyk bin-ýatda bi l imi bol an, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenis-tanyň raýatl ary, binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny meýilleşdirmek, ýol gurluşygy işlerinde raýat goranyşy; himiýa senagatynda we ulanylyşynda raýat goranyşy hünärlerine — çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 24 ýaşy dolýança erkek raýatl ary ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrl iginiň ýörite leşdirilen harby mekdep lerini tamam-lan, 25 ýaşy dolýança erkek raýatl ary, şeýle hem borç-nama boýunça harby gul l ugy geçýän, ofiser harby ady bolmadyk, 24 ýaşy dolýança erkek harby gullukçylary giriş synaglarynyň netijel eri boýunça bäs leşik esasynda kabul edilýär.

Binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat gora-nyşyny meýilleşdirmek; ýol gurluşygy işlerinde raýat goranyşy; himiýa senagatynda we ulany-lyşynda raýat goranyşy hünärlerine okuwa kabul etmekl igiň şertl eri Türkmenistanyň Goranmak ministr-liginiň «Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň raýat goranyşy fakultetine okuwa kabul etmegiň Tertibine» laýyklykda amala aşyrylýar. Bu Tertip bilen tanyşmak üçin dalaşgärler Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kabul ediş toparyna ýa-da ýaşa-
ýan ýeri boýunça harby wekilliklere ýüz tutup bilerl er.

Resmi iş kagyzlary (tölegli esasda okadyljak hünärlere we taýýarlygyň ugurlaryna resminamalary tabşyrýan lar üçin) welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bel leni len nusgada rektoryň adyna ýazy lan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Sag lygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgada-ky sag lyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyk-lanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylary-nyň döwlet bäsleşiginiň ýeňij ileri, halkara bäsleşik-lere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resmi-namanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildir-ýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlik-de, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakda-kylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazy lyş şaha-datnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekil-likden güwähatyny.

Da l aşgär bäsl eşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edil-mek üçin artykmaç hukukdan peýda l anýandygyny tas-syklaýan beýl eki resminama l ary görkezip biler.

Nädogry berl en mag l umatlar we galp resmi iş ka-gyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek ins-titutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde ge-çirilýär:

Aşgabat we Arkadag şäherl eri — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 3-i we 5-i gün l eri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 4-i we 6-sy günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 9-y we 11-i günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 8-i, 10-y we 12-si günleri;

Daşoguz we l aýaty — awgust aýynyň 13-i, 15-i we 16-sy günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 14-i, 15-i we 16-sy günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýun-ça geçirilýär:

binagärlik ugruna degişli hünärler boýunça — surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary; elektrik we ýylylyk energetikasy; maşyngurlu-şyk; materiallaryň tehnologiýalary; tehniki ul-gamlarda dolandyryş ugurlaryna degişli hünärler, informatika we hasaplaýyş tehnikasy; ýeri öw-reniş ylymlary; gurluşygyň tehnikasy we tehno-logiýalary; elektronika, radiotehnika we aragat-naşyk ulgamlary; ykdysadyýet we dolandyryş ugurlaryna degiş l i taýýarlygyň ugurlary boýunça — fi-zika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

himiýa tehnologiýalary ugruna degişli hünärler we taýýarlygyň ugurlary boýunça — himiýa, mate-matika, Türkmenistanyň taryhy;

maglumat howpsuzlygy taýýarlygyň ugry bo-ýunça (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar) — mate-matika, iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkme-nistanyň orta mekdep l eriniň okuw maksatnamalary-nyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet di-linde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýyn-da, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň salgysy:

Aşgabat ş., Baba Annanow köçesi, 136, tel.: 28-18-86, 28-18-04.

Ýene-de okaň

Magistr-2024:Türkmen döwlet medeniýet instituty

Magistr-2024:Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty

Magistr-2024:S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024