SPORT

Şertnamalarynyň möhleti 2025-nji ýylda tamamlanýan iň gymmatly futbolçylar – Messi, Ronaldo, Neýmar we başgalar

2025-nji ýylda şertnamasynyň möhleti tamamlanýan köp sanly futbolçylar başga toparlar bilen erkin futbolçy hökmünde şertnama baglaşyp bilerler. Olaryň arasynda Lionel Messi, Kristiano Ronaldo, Neýmar we beýlekiler bar.

Trent-Aleksandr Arnold we Leroý Sane 70 million ýewro bazar bahasy bilen täze toparlara gidip bilerler. Şeýle hem 15 million ýewro bazar bahasy bolan Ilkaý Gündoganyň hem-de Kristiano Ronaldonyň geljegi belli däldir.

2024-nji ýylda şertnamasy tamamlanan Kilian Mbappe erkin futbolçy boýunça “Real Madrid” toparynyň düzümine goşuldy. Mbappe ýaly fransuz futbolçy Adrien Rabbiot 35 million ýewrolyk bazar bahasy bilen erkin galan futbolçylaryň biridir. “Liwerpulyň” müsürli futbolçysy Mohammed Salahyň hem geljek ýyl şertnamasy tamamlanýar.

Bir döwür “Barselona” bilen “PSŽ” toparlarynda çykyş eden Lionel Messi bilen Neýmaryň hem şertnamasynyň möhleti tamamlanýar. 38 ýaşyndaky Messiniň haýsy toparda çykyş etjekdigi näbelli. Häzirki wagtda Saud Arabystanyň “Al-Hilal” toparynda çykyş edýän Neýmar bolsa, Braziliýa gaýdyp barar diýip, bilermenler çaklaýar.

Ýene-de okaň

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy

AFK Çempionlar ligasy 2: «Arkadag» ilkinji tapgyry 1 utuk bilen başlady

Türkmen türgenleri bir halkara ýaryşda 40 medal gazandy

«Ahal» topary Hindistanda ýeňiş gazandy

Ronaldo Saud Arabystanyda “Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Luka Modriç 64 ýyllyk rekordy täzeledi