SPORT

Türkmenistan Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynda ilkinji medalyny gazandy

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 8-nji sentýabrynda Gazagystanda Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlaryna badalga berildi. Bu halkara ýaryşda  biziň ýurdumyza 29 türgen wekilçilik edýär. Olar göreş, ýaýdan ok atmak we milli oýunlaryň beýleki görnüşleri boýunça öz ussatlyklaryny görkezýärler.

Türkmenistana wekilçilik edýän türgenimiz Daýanç Omirow kuraş sportunda 81 kg agramda çykyş edip, ýurdumyzyň bu ýaryşlardaky ilkinji kümüş medalyny gazandy.

Kuraş boýunça ýaryş Gazagystanyň “Alaý” sport toplumynda geçirilip, oňa 27 döwletden 106 türgen gatnaşdy.

Related posts

41 ýyldan soňra UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

“Arkadag” futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasyna gatnaşar

Çempionlar ligasy: “Leipsiz” bilen Iliçiçiň üstünligi

Ata Watan Eserleri