SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitap pars diline terjime ediler

Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat lukmançylyk uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy eksiklopedik kitabynyň birinji jildiniň pars diline terjime etmäge girişmek dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Maşatdaky konsullyk gullugy habar berýär.

Çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideriniň türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklere, olaryň halk lukmançylygynda peýdalanyşyna bagyşlanan bu kitabynyň Eýranyň lukmanlarynda uly gyzyklanma döredendigini, kitabyň pars diline terjime edilmegi bolsa dostlukly ýurduň okyjylaryna, aýratyn-da, lukmançylyk ugrunda bilim alýan talyplara we bu ugurda işleýän lukmanlara kitabyň mazmuny bilen içgin tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döretjekdigini belläp geçdiler.

Related posts

Los Angeles – “Perişdeleriň şäheri”. Syýahat ýazgylary…

Ata Watan Eserleri

Maşgala Bileleşigi wizasy üçin zerur resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Gurban Baýramy : Maşgalaňyz bilen öýde geçiriň!

Dr.Döwran Orazgylyjov