BIZNES

Lahoryň Söwda-senagat palatasy Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyny ösdürer

2024-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň ilçihanasynyň işjeň gatnaşmagy bilen Lahoryň Söwda-senagat palatasynda (LSSP) Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbaýjan bilen söwdany ösdürmek üçin kioskyň açylyş dabarasy geçirildi.

Dabara LSSP-niň prezidenti Kaşif Anwar, LSSP-niň liderleri, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň ilçileri, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň hormatly konsullary, Lahoryň işewür toparlarynyň wekilleri we ýerli habar beriş serişdeleri gatnaşdy.

LSSP-iň başlygy Kaşif Anwar bu çäräni ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň bilelikdäki ýolundaky möhüm tapgyr diýip atlandyrdy.

Dabarada Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Päkistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm potensialyna ünsi çekdi.

Kioskda sebitdäki ýurtlar we Merkezi Aziýa respublikalarynda bar bolan iş mümkinçilikleri barada çap edilen materiallary görkezýär. Beýlekiler bilen bir hatarda, Bitarap Türkmenistanyň içerki we daşary syýasaty barada žurnallar, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet we hususy kompaniýalarynyň broşýuralary we olar barada maglumlatlar, şübhesiz, bu kiosky baýlaşdyrar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 9 aýda jemi öndürilen önüm 11,7 göterim artdy

Rus nebitiniň Özbegistana iberilýän möçberi artdy

“Türk Howaýollary” Bişkekden Şanhaýa oba hojalyk önümlerini daşar

Aşgabat-Seul hyzmatdaşlygy: göni gatnawlar we täze taslamalar

Türkmenistan OTIF guramasynyň Baş assambleýasynyň sessiýasyna gatnaşdy

Türkiýeden 154,7 million dollarlyk kofe eksporty