JEMGYÝET

Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministriniň Türkmenistana sapary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hem-de Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar.

Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy biziň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar hem-de daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, özara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Goranmak we harby ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi aýratyn bellenildi.

Türkmen Watan goragçylary hünärlerini kämilleşdirmek we harby işiň öňdebaryjy usullaryny öwrenmek boýunça Türkiýe Respublikasynda geçirilýän okuwlara gatnaşýarlar. Şeýle hem milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamynda yzygiderli ýagdaýda tejribe alşylýar.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşyk geçirdi.

Türkiýe goranmak senagaty babatda dünýäde öňdebaryjy döwletleriň hataryna girýär. Köp ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyzyň arasynda harby ulgamda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri türk tarapynyň netijeli tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki doganlyk ýurduň arasynda goranmak ulgamynda alnyp barylýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, hususan-da, sanly tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Täjigistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Ýanwar-sentýabr: Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si kabul edildi

Türkmenistanda täze saglyk merkezleri açylar

Arkadag şäherinde VI Wena baly geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 6-njy oktýabrdaky dynça güni 7-nji oktýabra geçirildi

Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň forumyna gatnaşdy