Germaniýada geçirilýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň “E” toparçasyndaky ilkinji duşuşyklar geçirildi. Bu toparçada Rumyniýa, Ukraina, Slowakiýa we Belgiýa bäsleşýär.
Ilki bilen, Rumyniýa bilen Ukrainanyň duşuşygy geçirildi. Ukrainler ilkibaşda gowy oýun görkezdi, ýöne Rumyniýa duşuşygyň 29-njy minutynda Stanku bilen öňe geçdi we kem-kemden oýnuň artykmaçlygyny ele geçirip başlady. Duşuşygyň ikinji ýarymynda bolsa, 53-nji minutda Marin we 57-nji minutda Dreguş bilen Rumyniýa Ukrainany 3:0 hasabynda utdy.
Bu toparçada Slowakiýa bilen Belgiýanyň arasyndaky duşuşykda garaşylmadyk netije çykdy. Köpler Belgiýanyň ýeňiş gazanjakdygyna garaşan hem bolmagy mümkin. Ýöne beýle bolmady.
Slowakiýa 1:0 hasabynda Belgiýadan üstün çykdy. Duşuşykda Belgiýa Romelu Lukaku bilen 2 gezek tapawutlandy. Ýöne 2 gol hem hasaba alynmady.
Slowakiýa bilen Belgiýanyň arasyndaky duşuşykda türk eminler topary eminlik etdi. Halil Meleriň emin etmeginde slowaklar çempionata ýeňiş bilen başlady.
