JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Gyzylarbat etrabyndaky “Arkaç” daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynyň ýanynda gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň degişli ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy “Arkaç” daýhan birleşiginiň kärendeçileri doganlar Annaguly we Aşyrguly Annagulyýewler mähirli mübäreklediler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kärendeçileriň haýyşy boýunça “Bismilla” diýip, daýhan yhlasy bilen birkemsiz hasyl toplan bugdaýyň bir dessesini ordy we galla oragyna ak pata berdi. Şol pursatda kuwwatly tehnikalar bereketli hasyly ormaga girişdiler.

Döwlet Baştutanymyz “Arkaç” daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynda däne kombaýnlarynyň galla oragyny geçirişini synlady. Soňra bu ýerde hormatly Prezidentimiz ýaş kärendeçiler Annagulyýewler bilen söhbetdeş bolup, olaryň iş şertleri, kärende ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşleri, galla meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy.

Kärendeçi doganlar Annagulyýewler hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň netijesinde ýaşlaryň tutanýerli we öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleriň bardygyny aýtdylar. Olar 2020-nji ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýarlar. Annaguly şu ýyl 64 gektar meýdandan 256 tonna bugdaý hasylyna garaşýandygyny, bugdaýdan başga-da, 15 gektar ýere gowaça, 5,7 gektar meýdana ýeralma we 4 gektar ýere gök-bakja ekinlerini ekendigini, Aşyrguly hem 15 gektara gowaça, 4,3 gektara ýeralma, 4 gektara gök-bakja ekinlerini ekendigini aýtdy.

Soňra bu ýerde döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň häkimine welaýatyň ýaşaýjylary üçin niýetlenen 200 sany döwrebap awtoulagyň açarlaryny gowşurdy.

Häkim awtoulaglar üçin welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy