SIZDEN GELENLER

Aşgabat – sport şäheri

Ýakynda paýtagtymyzda geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäherini Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdiň kabul edilmegi şatlygymyzy goşalandyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ak mermerli paýtagtymyz has-da gözelleşip, dünýäniň iri, ösen, ýaşamak üçin örän amatly, owadan şäherleriniň hataryndaky ornuny barha berkidýär. Aşgabat özüniň ajaýyp binalary, giň şaýollary, seýilgähleridir seýilbaglary, suw çüwdürimleri bilen göreni haýrana galdyryp, halkara hyzmatdaşlygynyň, Bitaraplygyň we parahatçylyk söýüjiligiň ykrar edilen merkezine öwrülýär. Aşgabatda şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, baş şäherimizde sport maksatly desgalaryň, iri toplumlaryň hatary barha giňeýär. Bu bolsa, sebitiň sport merkezi hökmünde ykrar edilen Aşgabadyň sport mümkinçilikleriniň artmagyna itergi bolýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda bedenterbiýe we sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, ýaş nesilleri beden hem ruhy taýdan terbiýelemäge ýardam edýän gymmatlyga öwrüldi. Türkmenistanly türgenler jahanyň çar ýanynda guralýan halkara ýaryşlarda gazanan ýeňişleri bilen ýaşyl Tugumyzy belentde parladyp, Watanymyzyň abraýyny beýgeltse, paýtagtymyz Aşgabat sebit we dünýä derejesindäki sport merkezi hökmünde ykrar edildi. Soňky 10 ýyldan gowrak döwürde ýurdumyzda iri sport ýaryşlarynyň ençemesi, şol sanda 2014-nji ýylda windsörfing boýunça dünýä Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlaryň tapgyry, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, «Amul — Hazar» halkara awtorallisi, 2023-nji ýylda Kuraş boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. Şu ýylyň aprelinde Aşgabatda GDA döwletleriniň we beýleki ýurtlaryň toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryş ajaýyp sport baýramçylygy hökmünde hakydamyzda galdy.

Bu günki gün sport Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. 2022-nji ýylyň oktýabrynda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitinde hormatly Prezidentimiz Arkalaşygyň çäklerinde sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça utgaşdyryjy komiteti döretmek, şeýle hem yzygiderli esasda Dostluk oýunlaryny guramak bilen baglanyşykly başlangyçlaryny öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyz bu oýunlaryň diňe bir GDA ýurtlarynyň däl, eýsem, beýleki ýurtlaryň hem türgenleriniň gatnaşmagy üçin açyk bolmalydygy baradaky pikiri beýan etdi.

Şu ýylyň 24-nji maýynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň paýtagtymyzda geçirilen mejlisiniň gün tertibine Aşgabady «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky mesele girizildi. Türkmenistanyň sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine goşýan uly goşandy göz öňünde tutulyp, bu teklip duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Paýtagtymyzyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy ugrunda öňe sürýän başlangyçlarynyň nobatdaky halkara ykrarnamasydyr.

Aşgabat bu gün gaýtalanmajak keşbi bilen dünýäni haýrana goýýar. Aşgabadyň häzirki zaman keşbi ylmyň döwrebap gazananlaryna, binagärlik we şähergurluşyk tejribesiniň öňdebaryjy nusgalaryna, ýaşaýyş-durmuş, inžener-tehniki üpjünçiliginiň kämil innowasion çemeleşmelerine hem-de millilik keşbine daýanýar. Paýtagtymyzyň keşbine bezeg çaýýan binadyr desgalaryň, ymaratlaryň her birinde özboluşly äheňler bar. Aşgabadyň bezegini artdyrýan sport desgalary bolsa, halkara derejedäki sport ýaryşlaryny guramaga we üstünlikli geçirmäge giň şertleri döredýär. Geçen ýyllarda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen iri ýaryşlar hem şeýle diýmäge esas berýär.

Parahatçylyk, dost-doganlyk, ruhubelentlik ýurdumyzyň amala aşyrýan sport diplomatiýasynyň esasy ýörelgeleridir. Sebitde möhüm ylalaşdyryjy merkez bolan paýtagtymyzyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň belent ykrarnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabady dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriň birine, sport merkezine öwürmek ugrundaky tagallalarynyň ýerine düşýändigine nobatdaky şatlykly habar hem şaýatlyk edýär. Ata Watanymyzy sport mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Halmuhammet Ataballyýew,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri