SPORT

Çerçesow Gazagystanyň milli ýygyndysyna tälim berer

Russiýaly tälimçi Stanislaw Çerçesow Gazagystanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada ýurduň futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Şertnamanyň möhleti görkezilmedik. Çerçesow bu wezipede ozal işlän rus tälimçi Magomed Adiýewiň ornuny alar. Magomed Adiýew bolsa, Russiýanyň “Ahmat” toparynyň tälimçisi boldy.

60 ýaşyndaky Stanislaw Çerçesow Russiýanyň meşhur derwezeçileriniň biridir. Ol futbol oýnan döwründe ýurduň iri toparynyň hem-de milli ýygyndysynyň derwezebany bolupdy.

Soňra ol Russiýanyň toparlaryna hem-de Russiýanyň milli ýygyndysyna tälim berdi. 2016-2021-nji ýyllarda Russiýanyň milli ýygyndysyna tälim beren Çerçesowyň döwründe Russiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatynda çärýek finala çykypdy.

Çerçesow soňky gezek Wengriýanyň “Ferenswaroş” toparyna tälim berdi we wenger topary 2 gezek ýurduň çempiony boldy we kubogyny gazandy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady