BIZNES

Stambuldaky Türkmenistanyň Baş konsullygynda türk işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly M.Owezow Türki Dünýäsiniň işewirleri Assosiasiýasynyň (TÜRKGİAD) ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýrylmaz baglanyşyklaryna esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň täze ösüşlere eýe bolýandygyny bellediler. Söhbetdeşler soňky ýyllarda türkmen-türk gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga baý we oňyn hyzmatdaşlygyň tejribesi toplanandygyny nygtadylar.

Şeýle hem taraplar, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, azyk we dokma senagaty pudaklary, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa ýaly möhüm ugurlarda täze mümkinçilikleriň açylýandygyny bellediler.

Mundan başga-da, häzirki wagtda ylym-bilim we ýokary tehnologiýa babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üstünlikli amala aşyrylýandygyny we olaryň özara bähbitli gatnaşyklaryň şaýatlyk edýändigi bellenildi. Şu nukdaýnazardan, Türki Dünýäsiniň işewirleri Assosiasiýasynyň (TÜRKGİAD) wekilleri, Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda bilim almak isleýän türkmen ýaşlary üçin hem ähli şertleriň bardygyny hem bellediler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar