MEDENIÝET

Türkmenistanyň Döwlet sirki «Ganatly bedewler» atly sirk oýunlaryny görmäge çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki  Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýylyň maý aýynyň 18-19-na sagat 18:00-da görkeziljek «Ganatly bedewler» atly sahnalaşdyrylan sirk oýunlaryny tomaşa etmäge çagyrýar.

Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň şowhunly sahnalarynda dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ahalteke bedewlerinde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketleriniň, parahatçylygyň nyşany bolan ak «Pawlin» kepderileriniň, howa gimnastlarynyň, akrobatlaryň, türkmen alabaýlarynyň hem-de «Arwana» düýeleriniň çykyşlary, Hindistanyň şadyýan «Makaka» maýmynjyklarynyň, Afrikanyň täsin jandarlary bolan «Burçello» zebranyň we afrikan düýeguşunyň, jadygöýdir gözbagçylaryň, masgarabazlaryň gülküli oýunlarynyň, «Ýedigen» tans toparynyň tansçylaryň, «Pudel» güjüjikleriň sahnada ýerine ýetirýän çykyşlarynyň, ýüpde ýöreýän gyzjagazyň, žanglýorlaryň mundan başgada erkin ýagdaýda tälim berlen atlaryň çykyşlaryna tomaşa edip bilersiňiz.

Petek satyn almak üçin Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň kassasyna gelip bilersiňiz.

Kassanyň iş wagty:

Sişenbe-Ýekşenbe günleri sagat 10:00 – 18:00-a çenli

Habarlaşmak üçin: 36-10-95; 36-10-34;

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi