Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew bilen Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) dolandyryjy direktory Majid Çegeniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk Eýranyň paýtagty Tähranda geçirilen Nebit, gaz, nebiti gaýtadna işlemek we nebithimiýa “Iran Oil Show 2024” 28-nji halkara serginiň çäklerinde amala aşyryldy.
Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Eýranyň dünýäniň gaz pudagyndaky aýratyn ornuny belläp, iki ýurduň arasyndaky gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýdyp, inžener-tehniki hyzmatlaryň eskporty we swop görnüşindäki gaz hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny düzýändigini belledi.
Şeýle hem türkmen tarapy Türkmenistanyň Eýran bilen tebigy gaz alyş-çalşygy ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga taýýardygyny belläp, eýranly kompaniýaklaryň inžener-tehniki hyzmatlar boýunça taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada durup geçdi.
Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) dolandyryjy direktory Majid Çegeni iki ýurduň tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, munuň her iki döwlete peýdaly boljakdygyny aýtdy.
Çegeni ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň gaz senagaty pudagyndaky mümkinçilikleri barada aýdyp, gaz swop hyzmatdaşlygy, tehniki we inženerçilik hyzmatlaryň eskporty babatda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny belledi.
Üstümizdäki ýylda Eýranda tebigy gazy eksportirleýän ýurtlaryň forumynyň ministrler duşuşygynyň geçiriljekdigini bellän Çegeni Türkmenistanyň gaz pudagynda möhüm ýurtdygyny belläp, geljekde bu forumyň agzasy boljakdygyna ynanýandygyny belledi.
Eýranyň paýtagty Tährandaky “Iran Oil Show 2024” 28-nji halkara sergisine 12 döwletden 250-den gowrak kompaniýa, şeýle hem 1500-e golaý eýranly firmalar gatnaşdy.