BIZNES

«Balkan» zawody halkara şahadatnamalara mynasyp boldy

2024-nji ýylyň 24-29-njy mart aralygynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody Koreýa Respublikasynyň «Global Standarts» gözegçiligi astynda ISO şahadatnamalaryny almak üçin audit geçirdi.

Bu bolsa geçirilen üstünlikli barlaglaryň netijesinde 2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde «Balkan» zawodyna ISO 9001:2015 hili dolandyrmagyň ulgamy,  ISO 45001:2018 Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy üpjün etmegiň dolandyryş ulgamy we ISO 14001:2015 daşky gurşawy goramagyň dolandyryş ulgamy boýunça ISO şahadatnamalaryny alynmagynda ýardam berdi.

Häzirki wagtda, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody halkara ülňülerine we talaplaryna laýyklykda Merkezi Aziýada şeýle hem Hazar sebitinde gämi gurluşyk pudagynyň ösdürilmeginde işjeň gatnaşyp, yzygiderli ösýär. «Balkan»  zawody möhüm şahadatnamalaryň kömegi bilen özüniň gazanan üstünliklerine buýsanýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar