BIZNES

Hytaý kompaniýasy Türkmenistanda gämi abatlaýyş işine gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan bilen Hytaý Halk respublikasynyň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäginde, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen Hytaýyň öňdebaryjy «Weichai» inženerçilik korporasiýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda zawodyň wekilleri myhmanlary «Balkan» gämi gurluşyk zawodynyň ýerine ýetirýän wezipesi, önümçilik mümkinçilikleri we ýokary tehnologiýaly önümleriň köp görnüşi, ýagny zawodyň gurluşyk sehlary we gurluşyk meýdançalary bilen tanyşdyrdy. Myhmanlar esasanam zawodyň häzirki zaman önümçilik infrastrukturasyny we ösen tehnologiýalaryny aýratyn bellediler.

Şeýle hem, taraplar gelejekde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri babatynda meseleleri boýunça gepleşikleri geçirdiler. Gepleşikleriň dowamynda “Saparmyrat Niýazow” gämisini döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar gämi enjamlarynyň tehniki aýratynlyklarynyň kämilleşdrilmegini göz öňünde tutup, esasy hereketlendirijileriň we dizel hereketlendirijileriň çalyşmagyň dürli ugurlaryna garadylar.

Mundan başga-da, myhmanlar “Saparmyrat Niýazow” gämisine baryp gördüler we döwrebaplaşdyryljak hereketlendiriji otagynyň we esasy enjamlaryň ýerleşdirilişini jikme-jik öwrendiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma bildirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar