Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Türkiýe Respublikasynda giňden bellenilýän syýahatçylyk hepdeligine bagyşlanan surat sergisi geçirildi. Onda Türkiýäniň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy.
“Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan dabarasynda çykyş eden Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok, Türkiýede tomusky syýahatçylyk möwsüminiň açylmagy bilen dünýäniň dürli künjeginden syýahatçylary kabul etmek üçin dynç alyş merkezleriniň taýýar edilendigini belledi.

Her ýyl millionlarça syýahatçyny kabul edýän Türkiýäniň esasy syýahatçylyk merkezleriniň biridigini bellän ilçi Ahmet Demirok 2024-nji ýylda 60 million syýahatçy hem-de 60 milliard dollar girdeji gazanylmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Türkmenistan bilen syýahatçylyk ugrundaky gatnaşyklar barada durup geçen ilçi 2022-nji ýylda Türkiýede 45 müňden gowrak türkmen raýatynyň bolandygyny, 2023-nji ýylda bu görkezijiniň 167 göterim artyp, 120 müňden gowrak bolandygyny mälim etdi.
Ilçi Demirok “Türk Howaýollary” awiakompaniýasynyň 2024-nji ýylyň 1-nji aprelinden Stambul-Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawlaryny 9-dan 11-e çykarandygyny, şol bir wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýaysnyň Aşgabat-Stambul boýunça her hepde 10 uçar gatnawyny ýerine ýetirýändigini belledi.
Ahmet Demirok häzirki wagtda Ankara-Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawlaryny ýola goýmak üçin tagalla edilýändigini aýtdy.

Türk ilçisi Türkmenistan bilen medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändiklerini belläp, bu gatnaşyklaryň kem-kemden has-da pugtalanýandygyny belledi.
Türkiýäniň ilçihanasynyň gurnan bu dabarasyna paýtagtymyz Aşgabatdaky daşary ýurtly ilçiler, ýurdumyzyň syýahatçylyk kompaniýalary, şeýle hem köp sanly myhmanlar gatnaşdy.
