DÜNÝÄ

Türkiýede Magtymguly Pyraga bagyşlanan konsert geçiriler

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli çäreler guralýar.

Şeýle çäreleriň biri-de Türkiýe Respublikasynda geçiriler. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň hem-de TÜRKSOÝ halkara guramasynyň guramagynda türkmen sungat ussatlarynyň konserti geçiriler.

Konsert maksatnamasy 2024-nji ýylyň 19-njy aprelde Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde geçiriler. Onda ýurdumyzyň tanymal sungat ussatlary Gülşat Gurdowa, Akmuhammet Hanow we beýleki aýdymçylar, şeýle hem folklor toparlary özleriniň çykyşlaryny gurnar.

Related posts

Ankarada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

Ozalky döwlet münberi işewürleri kabul ediş merkezine öwrüler

Türkmen-rus strategiki hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy