DÜNÝÄ

Türkmen-türk işewürlik gatnaşyklary maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýäniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar geňeşiniň (DEİK) ýanyndaky «Türkiýe – Türkmenistan» işewürlik geňeşiniň türk böleginiň başlygy Sefa Gömdeniziň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn işewür duşuşyklarynyň, türk öndürijileriniň haryt sergileriniň hem-de biznes forumlarynyň geçirilmegine başlangyç beren türkmen-türk işewürlik geňeşiniň işiniň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Şeýle hem, Türkiýäniň işewürleriniň Türkmenistan bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ugrunda uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, Sefa Gömdeniz Türkmenistanda iş alyp barýan türk kompaniýalaryna berilýän kömek we giň gerimli goldaw üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleriniň arasynda netijeli dialogy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini bellediler hem-de geljegi uly bolan ikitaraplaýyn taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işleriň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisi taslamasyny barha ilerledýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Azerbaýjan: diplomatik gatnaşyklara 34 ýyl doldy

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Azerbaýjan-Türkiýe-Gruziýa: daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy