DÜNÝÄ

Owganystan bilen TOPH gaz geçirijisi taslamasy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň ykdysadyýet meseleleri boýunça Hökümet Başlygynyň orunbasary Molla Abdul Gani Baradar bilen onlaýn duşuşygy boldy. Şol duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, hususan-da Türkmenistan tarapynyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi taslamasynyň owgan bölegindäki gurluşygyna başlamaga taýýardygy barada maslahatlaşyldy.

Owganystanyň ykdysadyýet meseleleri boýunça Hökümet Başlygynyň orunbasaryny metbugat gullugynyň habar bermegine görä, onlaýn duşuşykda ykdysady, üstaşyr, söwda we syýasy hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem türkmen tarapy Hökümet Başlygynyň orunbasary Molla Abdul Gani Baradary özüne amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Hökümet Başlygynyň orunbasary Molla Abdul Gani Baradar duşuşykda öz tarapyndan daşary syýasatda ykdysady gatnaşyklara has köp üns berilýändigini belläp, sebit hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ähmiýet berilýändigini aýtdy.

Şeýle hem Molla Abdul Gani Baradar bu maksatlara ýetmek üçin Tükrmenistanyň hyzmatdaşlygyna bil baglaýandyklaryny belläp geçdi.

 

Related posts

Ýurduň içinde pul geçirimler ulgamy hereket edýär

vepa

Hindistanyň Prezidenti we onuň maşgalasy Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördi

Türkiýäniň Prezidentiniň Arap ýurtlaryna sapary

Ata Watan Eserleri