DÜNÝÄ

Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby Türkiýede tanyşdyrylar

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby çapdan çykdy. Bu gymmatly eseriň ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda tanayşdyrylyş çärelerine giň orun berilýär.

Ýene-de birnäçe günden Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy guralar. TÜRKSOÝ halkara guramasy we Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanaysnyň bilelikde gurnaýan tanyşdyrylyş dabarasy TÜRKSOÝ guramasynyň merkezinde geçiriler.

Şeýle hem TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan yglan edilen “Magtymguly Pyragy” ýylynyň dabaralaryna badalga berler. Bu dabaralar türk döwletiniň paýtagty Ankaranyň Dikmen jülgesinde orun alan Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikler toplumynda geçiriler.

Şol bir wagtda TÜRKSOÝ guramasy merkezinde “Türkmenistan, Magtymguly Pyragy we Änew” sergisi geçiriler. Onda ýurdumyzyň milli gymmatlyklaryna orun berler.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy