DÜNÝÄ

Lawrow daşary işler ministri, Sergeý Şoýgu täze wezipäni eýelär

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýurduň Federasiýa Geňeşine maslahatlaşmak üçin federal ministrlikleriň we harby-hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň dalaşgärlerini hödürledi.

Täze harby-hukuk ulgamynyň düzüminde Sergeý Şoýgu täze wezipäni eýelär. Mundan ozal, goranmak ministri bolan Şoýgu Wladimir Putiniň täze prezidentlik döwründe Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine bellendi. Bu wezipäni alyp baran Nikolaý Patruşew eýeleýän wezipesinden boşadyldy.

TÄZE GORANMAK MINISTRI

Ýurduň ozalky hökümetinde birinji wise-premýer wezipesini alyp baran Andreý Belousow Russiýanyň goranmak ministri boldy.

Sergeý Şoýgu howpsuzlyk geňeşiniň sekretary bilen bir hatarda Harby-senagat komissiýasynda Prezidentiň orunbasary wezipesini hem alyp barar. Şeýle hem harby-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça federal gullugyň başlygy wezipesi hem onuň üstüne ýüklener.

OZALKY MINISTRLER WEZIPESINDE GALDYRYLDY

Wladimir Putin Sergeý Lawrowy daşary işler ministri, Wladimir Kolokolsewi içeri işler ministri, Aleksandr Kurenkowy adatdan daşary ýagdaýlar ministri, Konstantin Çuçeýkony adalat ministri wezipesinde galdyrdy.

Mundan başga-da, federal howpsuzlyk gullugynyň başlygy wezipesini ozalkysy ýaly Aleksandr Bortnikow, daşary aňtaw gullugynyň direktory wezipesini Sergeý Naryşkin, Rus gwardiýasynyň direktory Wiktor Zolotow, Federal goranyş gullugynyň direktory Dmitriý Koçnew, Prezidentiň ýörite maksatnamalary boýunça baş müdiriligiň başlygy wezipesini Aleksandr Lins alyp barar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň DIM-inde BAE-niň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Minsk şäherinde “Arkalaşygyň çagalary” atly X Halkara medeni-bilim forumy geçirildi

Türkmenistanyň we Kipriň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan Hytaýy Awazadaky foruma çagyrdy

Azerbaýjan Siriýa tebigy gaz iberer

Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary täzelendi