DÜNÝÄ

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň dostluk oýunlary geçirilýär

Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki baş edara biasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň gurnamagynda BMG-niň dostluk Oýunlaryna badalga berildi. Golaýda bu oýunlaryň açylyş dabarasy guraldy.

Bu sport ýaryşlary Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” çäklerinde guralýar.

Sport oýunlary Nýu-Ýorkdaky diplomatik gulluklaryň, BMG-niň Sekretariatynyň hem-de degişli ýöriteleşdirilen düzümleriniň işgärlerini, umuman 110 döwletden 800-den gowrak gatnaşyjyny bir ýere jemledi.

Oýunlaryň açylyş dabarasyna ýokary derejili resmi adamlar gatnaşdy. Olaryň hatarynda dostluk Oýunlarynyň ilçileri – meşhur italýan futbolçy Jorjo Kýellini, beýsbolçy Albert Puhols, boksçy Menni Pakýa we beýlekiler bar.

Açylyş dabarasynda soňra oýunlara badalga berildi. Sport ýaryşlaryň çäklerinde futbol ýaryşy her hepdäniň şenbe günleri Nýu-Ýorkuň Manhetten sebitindäki Robert Mozes sport meýdançasynda oýnalýar.

Şeýle hem ýoga, küşt, ylgaw ýaly ýaryşlar geçirildi. Mundan başga-da, badminton, basketbol, tennis, woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis ýaly ugurlarda sport ýaryşlary geçiriler.

Umuman, ýaryşlar maý aýynyň ortalaryna çenli dowam eder we oýunlaryň dabaraly ýapylyşy hem-de sylaglamak çäreleri guralar.

Ýene-de okaň

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy