DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna wekil bellemegine ynam bildirdi

Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda  Demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşan Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç beren beýanatynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Ol habarçylara beren beýanatynda Türkmenistana amala aşyran ilkinji saparynyň özünde uly ýakymly täsirler galdyrandygyny belläp, ýakyn geljekde Türkmenistanyň wekiliniň guramanyň Warşawadaky merkezi binasynda işläp başlajakdygyna ynam bildirdi.

Umuman, Aşgabatdaky halkara duşuşykda guramanyň giňişliginde halkara demir ýol hyzmatdaşlygynyň ösüşi bilen baglanyşykly köp sanly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň sebitinde ulag logistikasyny ösdürmek, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky üstaşyr ýük gatnawy üçin möhüm ähmiýete eýe bolan Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar geçelgeleriň ösüşine goşant goşjak ulag geçelgelerini ösdürmek, guramanyň giňişliginde demir ýol ulaglary pudagyna maýa goýum taslamalary we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly meselelerde giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi.

Related posts

“Al Sharq” gazeti: Aşgabat we Doha gaz we ulag pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Ata Watan Eserleri

Fewralda çarçuwasyz telewizor satlyga çykar

vepa

2 trillion dollarlyk ykdysady kömek maksatnamasy

Ata Watan Eserleri