DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti täze bellenen ilçileri kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza täze bellenen Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrarini,  Katar Döwletiniň  Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al Azbini hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarowy kabul etdi. Olar döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdylar.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we diplomatlar hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini nazara alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady ulgamda, üstaşyr-ulag düzümlerinde, energetika, oba hojalygy ýaly pudaklarda, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde, ylym we bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlar, ulag we aragatnaşyk, himiýa, dokma senagaty, oba hojalyk pudagy, saglygy goraýyş hem-de ýokary tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň wajyp ugry hasaplanýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Marlen Mamataliýew bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Maulen Aşimbaýew bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Täjigistanyň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Kasymaliýew Türkmenistanda: Gyrgyzystanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 7 milliard dollardan geçdi

Ali Asadow: GDA-nyň ynsanperwer başlangyçlaryna ýokary baha berdi

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy zenanlaryň ornuna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdi