DÜNÝÄ

Hindistan dünýäniň iň gür ilatly ýurduna öwrüler

Birleşen Milletler Guramasynyň berýän maglumatyna görä, 2022-nji ýylyň 15-nji noýabr aýyna çenli dünýäniň ilaty 8 milliarda golaýlaýar we 2023-nji ýylda Hindistan dünýäniň iň gür ilatly ýurduna öwrüler.

Bu barada BMG-niň 11-nji iýulda bellenilýän Bütindünýä ilat güni mynasybetli ýaýradan “Dünýä ilatynyň perspektiwasy-2022” maglumatnamasynda bellenilip geçilýär.

Bu maglumatnamada dünýäniň ilatynyň geljekki ýyllardaky sany, pandemiýanyň adamlarynyň ömür dowamlylygyna ýetiren täsiri, şeýle hem migrasiýa barada maglumatlar berlipdir.

BMG-niň soňky çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli dünýäniň ilaty 8,5 milliarda, 2050-nji ýylda bolsa 9,7 milliarda golaýlar. 2080-nji ýyla çenli ilatyň sany 10,4 milliara ýeter.

2019-njy ýylda dünýäde ömür dowamlylygy garaşylyşy ýaly, 72,8 ýyla ýetdi. Ol hem 1990-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, 9 ýyl köpdür.

 

Runi Amerikanyň futbol toparyna tälim berer

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar