JEMGYÝETSPORT

“Galkan” toparynyň ynamly ýeňşi: 15-1

Ozal hem habar berşimiz ýaly, paýtagtymyz Aşgabatda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş dowam edýär. Sportuň hokkeý görnüşi boýunça halkara bäsleşige Bahreýniň, Belarusyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň klub toparlary gatnaşýarlar.

Bu ýaryşda ýurdumyza wekilçilik edýän «Galkan» topar özüniň nobatdkay ynamly ýeňşini gazandy. Düýn «Bahreýn» toparyny 8:1 hasabynda ýeňen “Galkan” topary bu gezek Omanyň  «Oman Nationals» toparyny kabul etdi.

Turuwbaşdan erjel oýun görkezen ildeşlerimiz bu gezek hem ynamly ýeňiş gazanmagy başardy. Türkmen hokkeýçileri garşydaşlarynyň derwezesinden 15 şaýbany geçirmegi başardy. Omanyň  «Oman Nationals» topary bolsa, bary-ýogy bir gezek tapawutlanmagy başardy.

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti “Gazpromyň” başlygyny kabul etdi

BMG-niň Awaza forumy: dünýäniň ünsi Awazada jemlener

Ata Watan Eserleri

Türkmen Lider, Orta Asya liderleri ile görüştü

vepa