SPORT

Litwaly türgen 38 ýyllyk rekordy täzeledi

Litwaly türgen Mikolas Alekna ABŞ-nyň Oklahoma ştatynyň Ramon şäherçesinde geçirilen disk zyňmak ýaryşyynda dünýä rekordyny goýdy. Türgen elindäki diski 74,35 metr uzaklygan zyňyp, mundan ozalky rekordy 27 sm artdyrdy.

Şeýlelikde, Alekna 38 ýyldan bäri saklanyp gelinýän rekordy täzeledi. Rekord german ýeňil atletikaçy Ýurgen Şulta degişlidi.

Mikolas Aleksan 2022-nji ýylda we 2023-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynyň kümüş hem-de bürünç medallarynyň eýesi. 2022-nji ýylda gurnalan Ýewropa çempionatynda altyn medal gazanypdy.

 

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler